)) "Keýwany" Awtory-Agageldi Allanazarow #goshgular #AgageldiAllanazarow Öýüň azy ýaran keýwanysy ol, Aladasy bilen hemişe onuň. Bişirip ýör, düşürip ýör, ýuwup ýör, Neneňsi geçeninem duýanok günüň. Diňe bularam däl ähli alada, Ýene okuw diýen bir bela-da bar. Çagalaram her gün bilmedik zadyn, Ýerli-ýerden gelip, ondan soraýar. Aşhanada geçýär wagtyň köpüsi, Myhman gelse gije çekýär dowamy. Ol gyzgynjak nahar iýdirýär hemmä, Özüniňem paýy onuň sowany. Käte ýadap çagalaryna käýinýär, Şonda ol ýarynam aýap goýanok. Kiçi ogluň bezzat, görübem ýörsüň, Şonda-da sen oňa hiç zat diýeňok. "Hammal bolup hyzmat edýän men ýene, Bir maňa gerekmi şu zatlaň bary?" Her gezek ol şeýdip käýäp ugranda, Turup ötägidýär ýanyndan ýary. Küpürseýär soň ol ýene birsalym, "Atam-enem göremok men doganlarymy", Adamsy düşünýär küpürsemese, Onda ondanam bir heleý bolarmy. Sowaşansoň ýene gowlugy ýatlap, Şükür edýär saglygyna, baryna. Soňundanam onuň özi gynanýar, Gahar ugra pürken bolsa birine. Telim gün soňam ol uýalyp gezýär, Ýada salyp öz gatyrak geçenin. Adamsyna gysmyljyraýar baryp, Getireýin, ajyja çaý içermiň?!

Теги других блогов: goshgular AgageldiAllanazarow